Turkmenportal logo
03.10.22
1403714037
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tatneftiň» Türkmenistandaky şahamçasy ofis tehnikasy bilen üpjün edijini gözleýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan «Tatneft» JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy sanawda görkezilen ofis tehnikasy bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.


Tendere gatnaşmak üçin «Tatneft» JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:


  • · bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • · Önümiň doly adyny, öndürilen ýurduny, ölçeg birligini, bir önümiň bahasyny, umumy bahasyny we üpjün ediş şertlerini görkezýän täjirçilik teklibini iberiň.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 5 (bäş) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.


Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 222 6-43-66


Elektron salgysy: b.halilulin@mail.ru


Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59