Turkmenportal logo
30.09.22
1952319523
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Halk market» satyn alnan harytlary Aşgabadyň islendik nokadyna çalt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär

«Halk market» Aşgabatyň we onuň ýanaşyk sebitleriniň ýaşaýjylaryna web sahypasy we «Play Market-den» ýükläp alyp bolýan mobil goşundysy arkaly satyn alnan harytlary çalt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.


Çalt eltip bermek hyzmatyny resmileşdirenden soň, alyjy sargydy barmaly ýerine baglylykda 30 minut – bir sagadyň dowamynda alýar. Bu hyzmat töleglidir, töleg hem sargytda görkezilen salga baglydyr, onuň möçberi söwdanyň umumy bahasyna goşulýar. Töleg satyn alnan harytlar barmaly ýerine gowşurylandan soň, nagt ýa-da bank kartlary arkaly amala aşyrylýar.


Web sahypasynda ýa-da «Halk market» mobil goşundysy arkaly türkmen we daşary ýurt önümçiligine degişli bolan dürli görnüşli azyk önümlerin, hojalyk himiýa serişdelerini we kosmetika önümlerini, çagalar üçin harytlary, şahsy arassaçylyk serişdelerini we başga-da köp sanly harytlary sargyt edip bilersiňiz.


Eltip bermek hyzmaty boýunça has anyk maglumatlar üçin şu telefon belgisine ýüz tutmak maslahat berilýär: (+993 65) 11 48 62.



Şeýle-de okaň: