Turkmenportal logo
28.09.22
2028720287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzyň teatry täze aýdym-sazly eseri sahnalaşdyrdy

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry ýazyjy we dramturg Hemra Şiriň eseri esasynda «Azaşan owlak» atly aýdym-sazly sahna oýny goýuldy.


«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň ýazmagyna görä, bu eser ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna teatryň sowgady boldy. Eseriň režissýory Guwanç Baýmedowdyr.


«Çagalar ― geljekki biz. Olar tertipli bolmaly we tertipli bolmaga çagyrýan edebiýat bilen ýakyndan tanyşmaly. Hemra Şiriň ertekisi bolsa hut şeýle eser» diýip, režissýor neşiriň habarçysy bilen pikirlerini paýlaşdy.