Turkmenportal logo
27.09.22
3254732547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Minnihanow bilen duşuşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman bu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlap, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.