Turkmenportal logo
24.09.2022
2996629966
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurt raýatlarynyň 315-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi

9 ýurduň, 23 milletiň wekilleri bolan 315 daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Degişli karara Döwlet Maslahatynda gol çekdi.


«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Daşary işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.


Ozal Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekendigini habar berdik.