Turkmenportal logo
23.09.2022
2501125011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Klimatologlar daglardaky garlyklaryň azalandygyny anykladylar
Surat: gazeta.ru

Soňky iki onýyllygyň dowamynda daglardaky garlyklaryň tutýan meýdany görnetin azaldy. Bu barada makala «Scientific Reports» neşirinde çap edildi. «Eurac» ylmy-barlag merkeziniň alymlary daglaryň ählumumy maýlamadan görnetin zyýan çekendiklerini belleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, bütin dünýäde daglardaky garlyklar çalt azalýarlar, netijede, belentliklerdäki saklanýan garyň «ömri» takmynan 15 güne çenli kemelipdir.


Emeli hemralar arkaly düşürilen fotosuratlardyr maglumatlar soňky 40 ýylda daglaryň gar ýapynjalarynyň çäginiň her ýylda ortaça 3,6 göterim azalýandygyny görkezdi. Bu ýagdaý, esasan, Kanadanyň we Ýewraziýanyň sebitlerinde hasaba alyndy, ol ýerlerde garlyk ýerleriň ortaça tutýan meýdany 8,2 göterime çenli azalypdyr.


Ylmy-barlaglary geçirenler şeýle özgerişlikleriň tebigatda suw aýlanyşygyna ýaramaz täsir edýändigini bellemek bilen, gar suwunyň hasabyna ýaşaýan we ony sowukdan goranmak üçin peýdalanýan ösümliklerdir jandarlaryň sanynyň azalmagyna getirip biljekdigini aýdýarlar.

Klimatologlar daglardaky garlyklaryň azalandygyny anykladylar | Turkmenportal.com