Turkmenportal logo
23.09.22
111613111613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýä wiza resmileşdirmegiň bahalary belli boldy

Türkmenistanyň raýatlary Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin bir gezeklik wiza resmileşdirjek bolsa, munuň üçin ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde töleg geçirmeli bolarlar. Tölegleriň täze tarifi barada Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň resmi saýty habar berdi.


Köp gezeklik wizanyň bahasy ABŞ-nyň 190, üstaşyr wizanyň bahasy bolsa ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde kesgitlenildi.


Bu işleri amala aşyrýan Gateway International kompaniýasynyň hyzmat ýygymy ABŞ-nyň 85 dollaryna deň bolar.


Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň 2127-nji (G.Kulyýew) köçäniň 88-nji jaýynda ýerleşýändigini ýatladýarys. Merkez ir sagat 9-dan öýlän 17-ä çenli işleýär.


Merkezde wiza resmileşdirmek üçin elektron poçta arkaly önünde ýazylmalydygyny ýatladýarys.