Turkmenportal logo
13.09.22
2203022030
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Korollyk maşgalasyna gynanç hatlarynyň kitabyny döretdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýelizaweta II-niň aradan çykmagy mynasybetli gynanç hatlarynyň kitabyny döretdi. Bu barada ilçihana jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly 12-nji sentýabrda habar berdi.


Kitap ilçihananyň Aşgabat şäherindäki edarasynda saklanylýar. Ilçihana «Ak Altyn» myhmanhanasynyň dolandyryş binasynyň 3-nji gatynda ýerleşýär. Gynanjyny beýan etmek isleýän islendik adam gündiz sagat 10-dan 12-ä we 14-den 17-ä çenli kitaba ýazgy galdyryp biler.


Şeýle hem Korollyk maşgalasyna göwünlik bermek islän islendik adam bu maşgalanyň resmi saýtynda ýa-da ilçihananyň ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk salgysyndaky poçtasyna hat ýollamak arkaly maksadyny amala aşyryp biler.