Turkmenportal logo
10.09.22
3153231532
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezi bilen bagly Kararlara gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezi bilen bagly Kararlara gol çekdi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň gurluşygy alnyp barylýan täze merkezi bilen bagly meseleleri çalt çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň taýýarlanandygyny belläp, «Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakyndaky», «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakyndaky» hem-de «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakyndaky» Kararlara gol çekdi.


«Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.