Turkmenportal logo
30.08.22
2022920229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleriň bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleriň bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleriň bäsleşigi yglan edildi.


Bäsleşigiň esasy maksady türkmen paýtagtynyň şu günki ajaýyp keşbini täsirli şekillerde beýan etmekden hem-de bu ugurda iň gowy surata düşürilen wideorolikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa gatnaşmaga isleg bildirýän raýatlar bäsleşige hödürlejek işlerini 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli «Aşgabat» teleýaýlymynyň guramaçylyk toparyna hödürläp bilerler.


Bäsleşige hödürlenilýän wideorolikler häzirki zaman telewideniýäniň talaplaryna laýyk bolup, olaryň dowamlylygy 5 minutdan geçmeli däldir. Gatnaşyjy işini guramaçylyk toparyna hödürlemezden ozal, onuň bilen birlikde şahsy maglumatlaryny, ýaşaýan salgysyny, öý hem-de el telefon belgilerini hökmany görkezmelidir.


«Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleriň bäsleşigine hödürlenjek işlere guramaçylyk topary tarapyndan döredijilik hem-de çeperçilik aýratynlyklary, kompýuter-montaž bezegi, reňk we yşyklandyryş özboluşlylygy taýdan, şeýle-de onuň mazmunyna laýyklykda baha berler. Guramaçylyk topary hödürlenen işleri 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli seljerip, has tapawutlanan wideoroliklerden ýeňijileri kesgitlär.


Ýeri gelende bäsleşige işlerini hödürläp ýeňiji bolan raýatlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylýandygyny bellemek gerek.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-24-34, 44-24-35.