Turkmenportal logo
27.08.22
2175921759
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Energetik» «Nebitçini» ýeňip, ýaryş tertibinde bir basgançak beýgeldi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda Mary şäherinde ýaryş tertibiniň aşaky orunlaryny eýeleýän iki toparyň ― «Energetik» bilen «Nebitçiniň» özara duşuşygy boldy. Duşuşykdan öň «Energetik» altynjy, «Nebitçi» bolsa iň soňky orny eýeleýärdi.


Duşuşyk Ezizmämmet Orazmämmedowyň hem-de Musa Nurnazarowyň (11 m.j.u.) geçiren gollary bilen maryly futbolçylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. «Nebitçiniň» ýeke-täk pökgüsini bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Serdar Annaorazow geçirdi.


Bu ýeňişden soň utugyny 7-ä çykaran «Energetik» bäşinji orna beýgeldi. 6 utukly «Köpetdag» bolsa altynjy orna düşdi. 3 utukly «Nebitçi» ahyrky orny eýeleýär.


Birinji aýlawyň ahyrky tapgyrynda «Nebitçi» 30-njy awgust güni «Altyn asyry» kabul eder, «Energetik» bolsa şol gün myhmançylykda «Köpetdag» bilen duşuşar.