Turkmenportal logo
25.08.22
1757417574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Buzly Dag» Türkmenistanyň telekeçilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

«Buzly Dag» haryt nyşany bilen gazlandyrylan süýji içgileri, mineral we agyz suwuny öndürýän «Täjir Ýyldyzy» türkmen kompaniýasy söwda nokatlarynyň hem-de zynjyrly azyk dükanlarynyň paýlaýjylaryny we eýelerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.


«Buzly Dag» gazlandyrylan we gazlandyrylmadyk mineral suwlaryň, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň söýgüsini gazanan dürli tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň – apelsin, «Dýuşes», «Tarhun», «Buratino», kola, şeýle hem tokaý miweleri içgileriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. Içgiler ulanmak üçin amatly bolan 0,25 litr ýa-da ondan uly plastik we aýna gaplara gaplanýar.



Kompaniýa hyzmatdaşlyk boýunça teklipleriňize şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý; telefonlar: (+993 12) 21 62 68, (+993 12) 57 61 29, (+993 65) 66 02 25.



Şeýle-de okaň: