Turkmenportal logo
20.08.22
2635526355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kazemiro «Real» bilen hoşlaşdy
Kazemiro «Real» bilen hoşlaşdy

Kazemiro «Real» we klubyň janköýerleri bilen hoşlaşdy. Braziliýaly ýarym goragçy, ozal hem habar berşimiz ýaly, kareýrasyny «Mançester Ýunaýtedde» dowam etdirer.


«Arzuw edeňde-de akylyňa sygmajak basgançaklardan geçdim. Öz öýüme öwrülen toparyma ýene-de gaýdyp gelmek umydy bilen hoşlaşýaryn.


«Reala» we onuň janköýerlerine maňa goýan hormaty üçin hoşallyk bildirýärin. Olaryň maňa berenlerine minnetdarlyk bildirmek üçin tutuş bir ömür hem ýetmez» diýip, ol «Twitterdäki» şahsy hasabyndan ýazdy.