Turkmenportal logo
12.08.22
83818381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDHÇMB halkara laýyklyk şahadatnamasyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Halkara standartlaşdyryş guramasynyň laýyklyk şahadatnamasyny aldy.


Ygtybarly hil gözegçilik ulgamyna şaýatlyk edýän resminama SGS kompaniýasynyň garaşsyz bilermen wekili tarapyndan gowşuryldy — diýip, «MIR 24» ýazýar.


Türkmen alyş-çalyş kompaniýasy bu laýyklyk şahadatnamasyna 2019-njy ýylda hem mynasyp bolupdy. Onuň nobatdaky gezek berilmegi Türkmenistanyň DHÇMB-niň işlriniň halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklady.