Turkmenportal logo
07.08.22
29332933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Rosteh» uçarlary guşlardan goraýan ulgam döretdi
«Rosteh» uçarlary guşlardan goraýan ulgam döretdiSurat: Jean-Philippe Boulet

Russiýanyň «Roselektronika» holdingi («Rosteh» döwlet korporasiýasy) aeroportlarda uçuşlaryň ornitologik howpsuzlygy ulgamyny işläp düzdi diýip, TASS ýazýar. Täze ulgama «Orni» diýlip at berildi.


Ulgam birwagtda 100-e çenli guşuň 21 kilometrlik aralykdaky hereketini yzarlamaga ukyplydyr. Ony eýýäm Peterburgyň «Pulkowo» aeroportunda üstünlikli synagdan geçirdiler.


«Orni» ulgamynyň düzümine guşlary tapmak we yzarlamak hem-de olary ürküzýän enjamlar girýär, ol aeroportlardyr uçarlaryň enjamlarynyň işine päsgelçilik döretmeýär.


Hasaplamalara görä, her ýyl dünýäde uçarlaryň guşlar bilen 5 müň töweregi çaknyşygy bolýar. Guşlar, köplenç, hereketlendirijä düşýärler, bu bolsa howa gämisini uçuşy bes edip, howa menziline dolanmaga mejbur edýär. Täze ulgam şeýle ýagdaýlary görnetin azaltmaga mümkinçilik berer.