Turkmenportal logo
07.08.22
33303330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
APL birinji tapgyr: «Liwerpul» utuk ýitirdi

Şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň birinji tapgyrynyň oýunlary dowam etdirildi. Günüň oýunlarynyň arasyndaky iň garaşylmadyk netije «Fulhem»-«Liwerpul» gapma-garşylygynda hasaba alnyp, onda ýer eýeleri geçen ýylky wise-çempiondan utuk alyp galmagy başardylar. Duşuşykda Mitrowiç iki gezek «Fulhemi» hasapda öňe çykaryp, onuň gollaryna Nunýes we Salah jogap gaýtardy. Şeýle-de birinji tapgyrda «Tottenhem» artykmaç güýç sarp etmezden, «Çelsi» bolsa kynçylyk bilen üç utuk gazandy.


Şenbe agşamynyň oýunlarynyň doly netijeleri:


«Fulhem» 2-2 «Liwerpul»;


«Bornmut» 2-0 «Aston Willa»;


«Nýukasl Ýunaýted» 2-0 «Nottingem Forest»;


«Tottenhem» 4-1 «Sauntgempton»;


«Lids Ýunaýted» 2-1 «Wulwerhempton»;


«Ewerton» 0-1 «Çelsi».


Şu gün geçiriljek duşuşyklar:


«Lester»-«Brentford»;


«Mançester Ýunaýted»-«Braýton»;


«West Hem»-«Mançester Siti».