Turkmenportal logo
03.08.22
19501950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: Arslanmyrat Amanow möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy

«Ahalyň» ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow Ýokary liganyň şu möwsüminde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy. Ol paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda «Nebitçi» bilen geçirilen duşuşygyň 56-njy minudynda jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, toparynyň ýeňşini berkitdi.


Umuman, 1-nji tapgyrda iki futbolçynyň 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilendigini aýtmak gerek. Arslanmyrat Amanowdan soň duşuşygyň 85-nji minudynda «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew hem bu başarnygy gaýtalady.


Tapgyrdaky «Köpetdag» ― «Merw» (0:1) duşuşygynda ýer eýelerinden Begenç Akmämmedowyň 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmändigini ýatladýarys.