Turkmenportal logo
02.08.22
78887888
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazadaky «Rowaç» kottejler toplumy myhmanlary kabul edip başlady

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 1-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda täze «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň bolandygyny habar beripdik.



«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetiren bu toplum dynç almaga gelýänleri şu günden başlap kabul edip başlady – diýip, türkmen telewideniýasy habar berýär.



Ozal ýatladyşymyz ýaly, 240 maşgala niýetlenen kottej şäherçesi bir wagtda 900-e golaý adamy kabul edip bilýär. 10 gektar meýdanda ýerleşýän bu toplumda ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz ýerleşýär. Hyzmat ediş merkezinde restoran ýerleşdirilip, bu ýerde dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär.