Turkmenportal logo
01.08.22
80078007
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Surat: lenta.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise hem-de ýurduň ähli halkyna Şweýsariýanyň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.


Türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz gutlag hatynda Prezident Inýasio Kassise berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.