Turkmenportal logo
26.07.22
19441944
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda täze futbol möwsümine badalga berilýär

2-nji awgustda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine badalga berler.


Soňky ýyllarda bolşy ýaly, Ýokary ligada ýene-de sekiz topar ýaryşar. Olar «Altyn asyr», «Ahal», «Şagadam», «Köpetdag», «Merw», «Aşgabat», «Nebitçi» we «Energetik» futbol toparlarydyr.


Geçen ýyldan tapawutlylykda şu ýyl Ýokary liganyň duşuşyklaryny dört aýlawda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, 28 tapgyrdan ybarat boljak möwsüm 2-nji awgustda başlanyp, 20-nji dekabrda tamamlanar. Şu aralykda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş hem geçiriler.

Türkmenistanda täze futbol möwsümine badalga berilýär | Turkmenportal.com