Turkmenportal logo
23.07.22
67876787
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-nyň ilçisi Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BAE-nyň ilçisi Ahmed Al-Haý Al Hameli Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçysy Döwletgeldi Annaýew bilen duşuşdy. Bu barada BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi Twitter hasabynda habar berilýär.


Duşuşyk Aşgabatdaky Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasynda geçirildi. Taraplar BAE bilen Türkmenistanyň Welosport federasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar. Şeýle hem BAE Welosport federasiýasy tarapyndan sport ýygnanşygyny geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.