Turkmenportal logo
17.07.22
49774977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kianu Riwz Formula-1 baradaky täze şowuň alypbaryjysy bolar

Golliwudyň ýyldyzy, «Matrisa» we «Jon Wik» filmlerinde baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren Kianu Riwz Formula-1 sportunyň çempionatyna bagyşlanan gepleşigiň alypbaryjysy bolar. Häzirki wagtda bolsa ol «Disney+» striming kompaniýasy tarapyndan hödürlenjek täze dokumental serialyň üstünde işleýär.


Film.ru saýtynyň habar berşi ýaly, dört tapgyrdan ybarat bolan şow 2009-njy ýyldaky «Brawn GP» topary hem-de olaryň çempionatdaky taryhy ýeňişleri barada gürrüň berer. Bu taslamanyň ekranlara çykjak senesi barada bolsa häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.