Turkmenportal logo
14.07.22
63096309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow özbek Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Serdar Berdimuhamedow özbek Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.


Düýn — 14-nji iýulda Daşkendiň «Kuksaroý» köşgünde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.


Giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň barşynda:


— Biz Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň berkligi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň dowamatlylygy hökmünde garaýarys. Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar — diýip, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew belledi.