Turkmenportal logo
13.07.22
99239923
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrýar. Bu baradaky çakylygy 13-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşan Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy. Ol şeýle-de wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň we BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça Diwanynyň ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Jenap Suheýl Al-Mazrui Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady.


Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.