Turkmenportal logo
06.07.22
66336633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wenesiýa tölegli bolar
Surat: journal.tinkoff.ru

Wenesiýanyň merkezine baryp görmek üçin töleg giriziler. Çäre bu ýerde çakdanaşa köp toplanýan jahankeşdeleriň akymyny çäklendirmek üçin amala aşyrylar. Ýerli häkimiýetler şeýtmek bilen, jahankeşdeler bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda deňeçerligi gazanmakçy bolýarlar.


10 ýewro bolan töleg Wenesiýa gelip görýän her jahankeşdeden geljek ýylyň 16-njy ýanwaryndan alnyp başlanar. Bu barada «euronews.com» habar berýär.