Turkmenportal logo
02.07.22
44344434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Angliýa Ýewropanyň çempiony boldy
Angliýa Ýewropanyň çempiony boldyGetty Images

Angliýanyň 19 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy. Düýn oýnalan final duşuşygynda ysraýylly deň-duşlary bilen güýç synanyşan Ümürli albionyň wekilleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Oýnuň esasy wagty 1-1 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda urlan iki gol bolsa iňlisleriň şu ýaş derejesinde 12-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagyna şert döretdi. Angliýa çempionlyk getiren gollary Doýl (52 min.), Çukwuemeka (108 min.) we Remzi (116 min.) öz atlaryna ýazdyrdylar. Ysraýylyň ýeke-täk goluna bolsa Gluh (40 min.) awtorlyk etdi.


Ýeri gelende, Angliýanyň bu üstünlik arkaly degişli ýaş derejesinde Ýewropada iň köp çempion bolan ýurda öwrülendigini bellemek gerek.