Turkmenportal logo
01.07.22
61716171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä sapar bilen çagyrýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, F.Oktaý türk wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, şu gün Aşgabada geldi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-prezident Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gutlag hatyny, şeýle-de özi üçin amatly pursatda Türkiýä sapar bilen barmak baradaky çakylygyny gowşurdy.


Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respubliksynyň Prezidentine mähirli jogap sözlerini aýtdy.


Şeýle-de, okaň!