Turkmenportal logo
30.06.22
92029202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogynyň sebitleýin finalyna «Hujand» bilen «Sogdiana» çykdy

Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary AFK-nyň kubogynyň «F» toparçasynda ýeňiji bolup, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.


Topar toparçadaky ahyrky duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.


Düzüminde «Köpetdag» hem bolan toparçada «Hujand» 4 utuk toplap, ýaryşyň sebitleýin finalyna çykmagyna hukuk gazandy.


Täjik toparynyň finaldaky garşydaşy «E» toparçanyň ýeňijisi, Özbegistanyň «Sogdiana» topary bolar. Sebitleýin final 16-njy ýa-da 17-nji awgustda geçiriler.