Turkmenportal logo
25.06.22
1212912129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Wýetnamda saparda bolar
surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 27-nji iýun – 1-nji iýul aralygynda ol ýerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirerler.


«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, türkmen gurluşykçylaryny Wýetnama iş sapary bilen ibermek meselesi şu ýylyň 4-nji maýynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda maslahatlaşyldy.