Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen gurluşykçylarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmak meselesine seretdi.
TDH-niň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň ösen döwletleriň hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaklaryny guramak maksady bilen, täze döredilen komitet tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Komitetiň başlygy D.Orazow ýurtdda alnyp barylýan gurluşyklar üçin zerur bolan mermer daşlaryny ykdysady taýdan amatly ýagdaýda getirmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür düzümleri bilen gepleşikleriň geçirilendigi, şunda Wýetnamyň önümçilik düzümleri bilen mermer daşyny almak we hünärmenleri okatmak boýunça degişli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi.
Türkmen gurluşykçylarynyň hünär derejesiniň we tejribesiniň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hilini hem-de olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün eder.