Turkmenportal logo
17.06.22
13621362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman tomsuna galstuk dakynmagyň howpy barada gürrüň berdi
Surat: 1obl.ru

Russiýaly kardiolog-lukman Wladmir Horoşew galstuk dakynmagyň tomus paslynda howpludygy barada duýdurdy. Onuň sözlerine görä, güýçli dartylan galstuk gan aýlanyşyny kynlaşdyrýar we munuň insulta (beýnä gan inme) getirmegi-de daşda däl. Bu barada «Sputnik» radiosy habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.


«Eger möhüm çäreleriň öňünde galstugy güýçli dartdyryp dakynsaň, munuň ýaramaz netijelere getirmegi mümkin. Adamyň beýnisine barýan arterial gan damarlarynda gan aýlanyşygy ýaramazlaşýar we wena damaryndan ganyň beýniden ýürege akmagy daşda däl» diýip, hünärmen düşündirdi.


Onuň sözlerine görä, galstuk boýundaky wena damarlary ýeňilräk gysanda-da, kelle gan köp barar.


«Netijede, diňe kellagyry däl, eýsem, insultyň ýüze çykmagy mümkin» diýip, Horoşew düşündirdi.


Ol yssy howada ganyň has şepbeşik bolýandygyny we galstuk dakynmagyň şeýle şertlerde tromblaryň döremegine eltip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy. Şonuň üçin lukman mümkingadar tomsuna galstuk dakynmazlygy ýa-da möhüm çäre tamamlanan dessine ony aýyrmagy maslahat berdi.