Turkmenportal logo
26.05.22
75507550
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Roma» UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň kubogyna mynasyp boldy

Italiýanyň «Roma» futbol topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final duşuşygynda Niderlandlaryň «Feýenoordyndan» üstün çykdy. Albaniýanyň Tiran şäherindäki «Arena Kombetarede» geçirilen duşuşyk «Romanyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 32-nji minutda Nikolo Zaniolo geçirdi.


Şeýlelikde, portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýonyň «Romasy» bu kuboga mynasyp bolan ilkinji topar hökmünde taryha girdi. 59 ýaşly Mourinýo bolsa Ýewrokuboklaryň üçüsinem gazanan ilkinji tälimçi boldy.