Turkmenportal logo
11.05.22
2269422694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýörite uçuşy amala aşyrar. Degişli bildiriş ilçihanynyň konsullyk bölüminiň «Telegram» sahypasynda ýerleşdirildi.


Maglumata görä, 75 701 uçary ýerli wagt bilen 19:00-da Aşgabatdan ýola düşer. Uçar Domodedowo halkara howa menziline Moskwa wagty bilen 20:40-da barar.


Nobatdaky guralýan ýörite uçuş üçin awiapetekleriň satuwy 10-njy maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçalarynda başlady.