Turkmenportal logo
06.05.22
79347934
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandyň futbol ýygyndysy Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Tailandyň futbol boýunça milli ýygyndysy maý aýynyň ahryynda Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmekçi. Bu barada Tailandyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty habar berdi.


Bahreýniň ýygyndysy bilen 24-nji we 31-nji maýda duşuşykjak tailandly futbolçylar 27-nji maýda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. «Sisaket» stadionynda geçiriljek bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar.


Iki ýygyndy taryhda bir gezek duşuşyp görüler. Häzir FIFA-nyň reýtinginde Tailand 111-nji, Türkmenistan 134-nji orunda.