Turkmenportal logo
06.05.22
53585358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar
Alymlar plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylarSurat: mir24.tv

Tehas uniwersitetiniň hünärmenler topary plastigi bir hepdäniň dowamynda gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar diýip, “Nature” žurnaly ýazýar. Munuň üçin modifisirlenen serişde ulanylýar. Ol dünýäde galyndylaryň 12 göterimini tutýan polietilentereftalatyň molekulalaryny tiz ýok etmäge ukyplydyr.


Serişdäni almak üçin emeli aňyň we maşyn okuwynyň kömeginden peýdalanyldy. Bu jisimiň kömegi bilen plastigiň ýok edilişini prosesi selsiý boýunça 50 derejä barabar gyzgynlykda, bir hepdede amala aşyryp bolýar.


Soňlugy bilen plastigi başga önümlere öwürmek mümkinçiligi hem bar.


Alymlar täze oýlap tapyşyň kömegi arkaly plastik galyndylar zerarly emele gelen ekologik heläkçiligi ýeňip geçmegiň mümkin boljakdygyny aýdýarlar. Bu barada MIR24 ýazýar.