Turkmenportal logo
03.05.22
2234522345
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.


Biz mundan öň «Turkmeportal» web saýtymyzda «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň 11-nji maýda Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi barada habar beripdik.


Belläp geçsek, 1-nji maýda «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawyny amala aşyrdy.


Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.