Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň başynda döwlet Baştutany Gahryman Arkadag – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy täze kitaby bilen gutlap, kitabyň mazmuny barada belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler hormatly Arkadag zähmet rugsadynda bolmak bilen, çeper döredijilik işini dowam etdirýär. Şonuň netijesinde bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow öz okyjylaryna, türkmen halkyna «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyny sowgat etdi. Gahryman Arkadagyň öňki eserleriniň üstüni ýetiren täze kitabynda ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalary, pikir-garaýyşlary jemlenýär. Şeýle-de kitapda türkmen halkynyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Täze eser geçmişiň şu gün bilen, şu günüň geljek bilen baglanyşygyny özünde jemläp, nesillerde halkymyza we ýurdumyza buýsanjy artdyrar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly:
– Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ösüşiň nobatdaky tapgyry bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halka ruhy goldaw berer.
«Türkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» ýaly bölümleri, şeýle-de olaryň her birine degişli bölümçeleri öz içine alýar.
Şeýle-de, okaň!