Turkmenportal logo
29.04.22
2295322953
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan AFK-nyň koeffisientler sanawynda 17-nji orna göterildi

Türkmenistan Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň koeffisientler sanawyndaky 47 ýygyndynyň içinde 17-nji orna göterildi. Bu barada Footy Rankings habar berýär.


Sanawyň başyny Saud Arabystany, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy çekýär.


Neşiriň bellemegine görä, «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky çykyşy Türkmenistana 4 utuk gazandyrdy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärlik edýän topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji gezek çykyş etdi.


AFK-nyň koeffisientler sanawy klublaryň yklym ýaryşyndaky netijelerine görä kesgitlenilýär.


Türkmenistanyň häzirki eýeleýän orny we toplan utugy 2023-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna bir, AFK-nyň kubogyna bolsa iki topar ibermäge ýeterlikdir.