Turkmenportal logo
28.04.2022
1635016350
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.


«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça, Turkish Airlines awiakompaniýasynyň 1-nji maýda Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça, şeýle-de «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 29-njy aprelde Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrylmagyny meýilleşdirýändigini habar beripdik.