Turkmenportal logo
25.04.2022
79657965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Parahat Garaýew Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hormatly agzasy boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maslahatlar zalynda TFF-niň guramagynda geçirilen konferensiýanyň dowamynda futbol hünärmeni Parahat Garaýewe “TFF-niň Hormatly agzasy” diýen hormatly at dakyldy.


Öz döwründe futbol bilen professional derejede meşgullanan 70 ýaşly P.Garaýew häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Futbol federasiýasynyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýär.


Halypa hünärmeniň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýurdumyzda futboly ösdürmekde alyp barýan işlerine öz mynasyp goşandyny goşýandygyny bellemek gerek ― diýip, federasiýanyň resmi saýty ýazýar.