Turkmenportal logo
15.04.22
77857785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalar üçin tennis festiwaly geçirilýär

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda uly tennis boýunça Çagalar festiwaly geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.


Üç günläp ― 14 ― 16-njy aprel aralygynda dowam edýän festiwala bäş ýaşdan uly bolan çagalaryň dürli ýaş toparlary gatnaşýar.


Festiwalyň dowamynda geljekde hem tennis bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan çagalar üçin «Açyk gapylar güni» geçirildi.


Festiwaly Türkmenistanyň tennis federasiýasy ÝUNISEF-iň ýerli wekilleri bilen bilelikde guradylar.