Turkmenportal logo
31.03.22
87518751
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli awgustyň aýagynda ekrana çykar
Surat: daily.afisha.ru

“Aždarhanyň öýi” atly prikweliň, ýagny “Tagtlaryň oýny” atly meşhur çeper teleserialda gürrüň berlen wakalara çenli bolup geçen ýagdaýlar gürrüň berilýän täze serialyň birinji bölümi 21-nji awgustda ekrana çykar. Bu barada teletapgyryň görkeziljek HBO striming gullugynyň sosial ulgamlarynda habarlar peýda boldy diýip, “Rambler. ru” ýazýar.


Ýordumyň esasynda Targariýenleriň nesilşalygynyň durmuşy gürrüň berilýär, olar Westerosy ol ýerde heniz Lannisterleriň, Starklaryň we beýleki patyşa öýleriniň peýda bolmagyndan has ir, “Tagtlaryň oýnunda” gürrüň berilýän wakalardan 300 ýyl öň dolandyrypdyrlar.


Prikweliň ýordumy ýazyjy Jorj Martiniň fantastiki eserine esaslanýar.