Turkmenportal logo
29.03.22
1033610336
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Horlanmak isleýänler üçin iň peýdaly miwe salgy berildi
Surat: rsport.ria.ru

Amerikaly berhiz lukmany Kortni D’Anjelo artykmaç agramdan dynmak isleýänler üçin iň ýaramly miwäni salgy berdi. Bu barada berhize ýöriteleşen “Eat This, Not That!” neşirinde ýazylýar. Lukmanyň sözlerine görä, horlanmaga kömek edýän iň gowy miweleriň biri almadyr. Bu miwe gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesteriniň möçberini azaldýar, şeýle-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar.


“Alma pektin süýümlerine baý bolup, ol dokluk duýgusyny döredýär we iýmit alyş-çalşygyny haýalladýar” diýip, lukman nygtady. Onuň aýtmagyna görä, pes kaloriýalylyk we dokluk duýgusy almany horlanmak isleýänler üçin iň peýdaly miweleriň hataryna çykarýar. Şeýle-de golaýda ýaponiýaly alymlaryň geçiren barlaglaryň netijesine görä, almanyň düzümindäki polifenollaryň garnyň töweregindäki ýaglary azaldýandygyny görkezdi.