Turkmenportal logo
22.03.22
49224922
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kitçi» ýoldaşlyk duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow «Kitçiniň» düzüminde Taýlandda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada klubyň «Instagramdaky» resmi hasabynda habar berildi.


Ýerli toparlaryň biri bolan «Pattaýa» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda «Kitçi» 6:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmenistanly ýarym goragçy esasy düzümde meýdana girdi.


«Kitçiniň» 10-njy martda Taýlandda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişendigini ýatladýarys. Topar türgenleşiklerden soň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Taýlandda geçiriljek toparçalaýyn duşuşyklaryna gatnaşar. «Kitçi» yklym ýaryşynyň «J» toparçasyna wekilçilik edýär