Turkmenportal logo
23.03.22
39453945
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gar gatyşykly ýagyş ýagyp, üýtgäp durýan bulutly howa bolar
Aşgabatda gar gatyşykly ýagyş ýagyp, üýtgäp durýan bulutly howa bolar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji martda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty


Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.


Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +7... +12°, kenarýaka etraplarda +3... +8° maýyl bolar.


Türkmenbaşy şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 769 mm, çyglylygy 60 — 80%.


Awazada: howa +4... +6°, basyşy 770 mm, çyglylygy 70 — 90%.


Balkanabat şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 771 mm, çyglylygy 65 — 85%.


Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +4... +9° maýyl bolar.


Änew şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 747 mm, çyglylygy 65 — 85%.


Tejen şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 750 mm, çyglylygy 70 — 90%.


Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +5... +10° maýyl bolar.


Mary şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 749 mm, çyglylygy 45 — 65%.


Baýramaly şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 746 mm, çyglylygy 50 — 70%.


Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +5... +10° maýyl bolar.


Türkmenabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 751 mm, çyglylygy 50 — 70%.


Kerki şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 743 mm, çyglylygy 55 — 75%.


Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3°-a çenli, gündizine +3... +8° maýyl bolar.


Daşoguz şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 764 mm, çyglylygy 40 — 60%.


Köneürgenç şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 767 mm, çyglylygy 45 — 65%.