Türkmenistanyň mahabat hyzmatlary pudagynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýan «Sapaly mahabat» kärhanasy dürli görnüşli mahabatlary — olary işläp taýýarlamagy, daşarky mahabatlary, şol sanda bannerleri, mahabat esbaplaryny, yşykly we LED panelleri, uly göwrümdäki harplary taýýarlamak işini müşderilere hödürleýär. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň hünärmenleri olary gurnamak işlerini hem ýerine ýetirýär.
Häzirki wagta çenli «Sapaly mahabat» kärhanasy Türkmenistanda mahabatlary taýýarlamakda, sergi pawilýonlaryny we görkezme sergileri gurnamakda köp sanly taslamalary amal etdi. Bu ugurda kärhananyň özboluşly tejribesi onuň döredijilikli we tematiki mahabatlary işläp düzmegine kepil geçýär.

Mahabat hyzmatlary bilen birlikde kärhana nyşanlary we haryt nyşanlaryny ýasamak, dürli ýadygärlik sowgatlaryny we gözellik bezeglerini, şeýle-de flaýerleri, bukletleri, wizitkalary we beýleki neşirýat önümlerini taýýarlamak işlerini ýerine ýetirýär. Bu hyzmatlaryň hatarynda kärhanada ýokary göwrümli we interýer çap etmek işi, grawirlemek, lazer we gerber kesme işi, grafik dizaýn, bannerleri bezemek, plotter kesme işi, ýoldaky ýazgylary çap etmek, arça bezeglerini ýasamak hem-de täze ýyl bezegleri ýaly işler müşderileriň islegine laýyklykda hödürlenilýär.

Bulardan başga-da, kärhananyň www.sapalymahabat.com.tm onlaýn dükanyndan çap etmek we montaž işleri üçin poliwinilhlorid (PWH) plýonkalary, PWH listleri, fotokagyzlary, aýna plýonkalary, alukobond, laminasiýa materiallaryny, ýelimleýji lenta, PWH lentalar, bannerler üçin matalar we ownuk bölekler üçin ätiýaçlyk şaýlary ýaly harytlary satyn almak bolýar.
Has giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak üçin:
- Telefon belgileri: +993 12 97 31 68; +993 63 72 15 84; +993 63 27 24 35
- Elektron salgylary: sapalymahabat@inbox.ru; sapaly2mahabat@mail.ru
- Instagram hasaby: sapaly_mahabat
- Imo hasaby: +993 63 72 15 84