Turkmenportal logo
04.03.22
82468246
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow Gonkongda futbol oýnajak ilkinji türkmenistanly bolar

«Kitçi» bilen şertnama baglaşan Ruslan Mingazow Gonkongyň klublarynda çykyş etjek ilkinji türkmenistanly futbolçy bolar. Bu aýratynlyk AFK-nyň resmi saýtynda hem agzaldy.


Çeşme Ruslan Mingazowyň mundan ozal Aziýanyň öňdebaryjy toparlarynda çykyş etmändigini ýazdy. Onuň karýerasynyň agramly bölegi Ýewropa klublarynda geçdi.


«Kitçi» Gonkongyň Premýer-ligasynyň häzirki çempionydyr. Topar şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar.


Türkmenistanda bolşy ýaly, Gonkongyň Premýer-ligasynda hem çempion AFK-nyň Çempionlar ligasyna, 2-nji, 3-nji orunlaryň eýeleri bolsa AFK-nyň kubogyna gatnaşýar.