Häzirki wagtda dünýä ýüzünde çagalaryň iň bir meşhur aýdymlarynyň biri bolan «Baby Shark» aýdymy täze surata düşüriljek doly metražly filmiň esasyny düzer. Ýanwar aýynda bu aýdymyň YouTube kanalynda tomaşa edilen sanynyň 10 milliarda ýetendigini hem bellemek gerek.
«Paramount+» kinokompaniýasy şeýle filmi surata düşürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Kompaniýa bu taslamany «Nickelodeon» animasion studiýasy hem-de «Pinkfong» kompaniýasy bilen bilelikde işläp taýýarlar we oňa prodýuserlik eder.
Dörediljek bu filmiň aýratynlyklary barada häzirki wagtda hiç zat belli däl, ýöne onuň ilkinji gezekki görkezilişiniň 2023-nji ýyla meýilleşdirilýändigi bellenilýär.
Belläp geçsek, «Baby Shark» aýdymy klip şekilinde ilkinji gezek 2016-njy ýylda «Pinkfong» kompaniýasy tarapyndan döredildi.