Turkmenportal logo
10.01.22
13781378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar ýokanç kesellerden goraýan miwäni anykladylar

Polşanyň Poznan uniwersitetiniň alymlary buzina miwesinde bedene ýokanç kesellere garşy göreşmekde ýardam berýän antioksidantlarynyň çeşmesiniň bardygyny anykladylar. Bu barada Molecules ylmy žurnalynda makala ýerleşdirildi.


Barlaglar buzinanyň düzüminde antibakterial işjeňligi ýokarlandyrýan köp mukdardaky fenoturşulyklary we flawanoidleri ýüze çykardy.


Polýak alymlarynyň barlaglarynyň netijeleriniň dogrudygyny ABŞ-daky Franklin adyndaky Saglyk institutynyň alymlary hem synag arkaly tassykladylar. Olar ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanjy bilen kesellän näsaglaryň arasynda adaty derman serişdeleri bilen birlikde buzinany we onuň ekstraktyny ulananlaryň sagalýandygyny anykladylar.