Turkmenportal logo
24.12.21
2821028210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze ýyl baýramynda şäher awtobuslary mugt bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli käbir guramaçylyk meselelerine-de seredildi.


Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, 31-nji dekabrda we geljek ýylyň 1-nji ýanwarynda raýatlaryň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramagy tabşyrdy.


Şeýle-de okaň!